Goşunsyz serkerde
Adam kitap ýazanmyşyn,
çykardanmyş üç-dört dilde,
sylanmyşyn ýüze biri,
beýlekisi basyp bagra,
äkidenmiş arşa hatda,
ýazanmyşyn ony adam,
birden bolup ussat hatdat,
diýýär okaň, jennet ýolun
gurdum size elim bilen,
gülýär soňra ha-ha-haýlap,
ilem gülýär, kim aldaýar,
ýa kimiňki uly ýalan,
soraýan ýok muny, çünki
bilýär millet, döwük galam
ýaramaýar hiç bir derde,
adam diýýär oýnaň meni,
bolup-bolman baş serkerde.