Seniň derdiň
Beýik bolsa, beýikligin,
ýa pes bolsa, pesligini,
göz öňüne getirmersiň,
çen, çak edip bilmersiň sen,
açar adam sözi bilen,
sen özüňe seret käte
keseki, ýat gözi bilen,
azaşmazlyk üçin, belki,
dag, düzde däl, öz-özüňde,
öz gözüňde ýitmejek bol,
gaçmajak bol düýpsüz gorpa,
el-aýagyň baglap özüň
eltip berme gara gorka.
Iliň agzy keramatdyr,
melamatdyr, bahyl diýer
bahyl eken birazjayk,
gedem diýer gedem eken,
agzy barlar geçmez ýöne,
köpçülik bir suwus haraz,
bugdaý ekip, arpa alar,
jöwen ekip, mekgejöwen,
garpyz ekip, gawun iýer,
seniň derdiň däldir näme
diýmez ýa-da diýme diýer.