Gowy toý

Durmuş seni döwer çäýnek,
käse gaçan ýaly daşa,
çöple özüň şemmeleriň
arasyndan ýeke-ýeke,
garaşma-da garry, ýaşa,
kömek etmez ýomut, teke,
gybat eder, atar şyltak,
özüň özüň döwen ýaly,
oýnaýan dek pida bolup,
soň birleri berjek haly,
ýa-da kilim, kireý diýip,
boýnuňa al ýalňyzlygyň,
saklanmagy özüň iýip,
hem geçmeli ýoluň uzak,
söweşmeli garşysyna,
aýlar, ýyllar gursa duzak,
düşünersiň, görersiň kän,
sebäpleri hatar-hatar,
neden ýurduň ýapyk dükan,
neden millet boldy hassa,
oýnan bolup biri-birin,
ýeke sen däl döwük-ýenjik,
ýeke sen däl çekýän gussa,
ýeke sen däl terk edilen,
otur, seret, nobaty bar,
galjagy ýok abat döwük
niýet bilen ýaşaýanyň,
ýa ýaşanyň duýup, söýüp,
gowulygyn gowularyň,
diý özüňe, aýt özüňe,
gowy toý dek sowularyn.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024