Döwlet talaby

Döwlet talap edýär açyk ýalany,
çyn sözläni çekip dara, zyndanda
ilki öz ýüzüne çekdirip gara,
eger aýlyk aljak, saklanjak bolsaň,
mejbury däl, meýletin bol masgara,
birden agşam wyždan ýüzüňe gelse,
özüň akla, ilem menden gowy däl,
başarsa ýa puly bolsa ählisi
para berip, diplom aljak ogluna,
tanyş görüp, gyzyn ösdürjek işin
bilsin ýa-da hiç bilmesin, uýalman,
gum sowuryp ýaşa başyňdan, aman,
diý nädeýin döwlet bolsa biiman,
talap etse ilden diňe galady,
aç halyna tans etmegi, bökmegi,
iň bihaýa ýapyp zerli halady,
ak sakgally agalary, telpekli,
ak gyňaçly eneleri, çelpekli,
çaga ýaly çar tarapa çapdyrsa,
un sepdirse... aýdyp durmaýyn yzyn,
diý bolýa-da, şükür çörek tapdyrsa.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024