Proses
Adam pahyr gürrüň edýär,
kanun hakda, kada hakda,
ahlak hakda, öz çagasyn
basgylaýan azgyn bilen,
öz aýalyn urýan gelip,
ýat illerde, ene-ata,
dogany ýok naçaryny
ýumruk bilen ýola salýan
erkek bilen edep hakda,
mekdep hakda edýär gürrüň,
düýnki ogry, jümri bilen
adam satan, satan ilin,
söhbet edýär döwlet hakda,
nämemeşin, subutnama,
delili ýok elinde bek,
ýöne bilýär düzüw dälin,
özün aklap gürleýäniň,
arlaýanyň kyhlap ili,
öňki häkim, azan, nadan,
akja jüýje bolýar öwnüp;
adam pahyr salamlaşýar,
hat alyşýar, baş atyşýar,
gör, kim bilen, işimişin,
prosesmiş bary bulaň,
biri-birin açyp, ýapýan,
öz pälinden ahyrynda
bolmajakmyş gaçyp sypýan.