Wada çukury
Wada sada il-ulusy,
galar ýaly sessiz, susup,
umyt edip ýagşy güne,
berilse-de goşawuçlap,
sorag bermän, ynanasy
gelýän adam alýar ony,
jübüsine salýar ony,
salan ýaly aýlygyny...
Wada berýän, goý, kim bolsun,
düýnki ýetim, açgöz, kezzap,
eli ýeten ýerden kesip,
dili ýeten ýerden biçip,
almak bolan kesbi-käri,
iller oňa döwlet äri,
ýa garaşan halasgäri,
perişde dek gözün dikýär,
çukur gazsa, pese yňan,
akar suw dek şaglap akýar,
gülüp aýdan sözlerini
doga edip, boýna dakýar.
Beterinden beteri bar,
ýene biri wada berýär,
kanunlaşan ogry belli,
bolşewigiň ogly, pully,
jenaýatçy tutulmaly,
millet ýene umyt edýär,
ýene müňläp türmä gidýär,
gidýär ýurtdan gaçyp, tezip,
emma wada gutarmaýar,
uly wada, ogry-jümri
agzyn açýar, aňyrsy ýok,
eýle-beýle diýjek bolan
bolýar derrew taňrysy ýok,
çünki millet gözün, aňyn,
üşügini açmaly däl,
başga pikir, başga görüş
ýola ýagty saçmaly däl...
Wada, altyn asyr ýalan,
dünýä gülki eden ýüzük,
perişdesi ilki ak saç,
soň ýigdelen hudaý halap,
sapak boljak ýaly ertir,
ýok, bolmaýar, ýetimden soň
gelýär ene-ata gören,
ýöne käri belli, pully
ýoly saýlan ýaşlygyndan,
diýýär gitjek şol bir ýoldan,
dowam etjek öňkiň işin,
türmä dykan garyp halky,
agzyn açsa, döwüp dişin.
Millet diýýär bu bor başga,
bolmaz açgöz öňki ýaly,
bolmaz öňki ýaly ýuwan,
agyrrak bor, salmaz aly,
Alla bardyr, gorar bizi,
etmez gaýdyp ogra haly.
Wada, haýbat, gara çukur,
ozal diňe TW-dedi,
indi başga, internet bar,
ýalan owsun atýar, çakjak
ýylan ýaly, golaý gelseň,
gygyrýar ol: Baş goý maňa,
jennet seňki, eger ölseň.