Içdäki ikilik
Ol, bu bolan bolup özün aldaýan
aslynda hiç ynanjy ýok, dini ýok,
bilýär özün, imanynyň ýagdaýyn,
nätjek, adam şan-şöhradyň aşygy,
birin iki etjek, ikisini üç,
gözi doýman mal-dünýäniň yzyndan
kowalajak, ýetjek bolsa uçarly,
ýöne bu ýer köp adamly, aňsat däl,
arka alan agyr ýüküň götermek,
alaç tapman oýun gurýar aljyran,
islese-de elip bolup görünmek
hakykatda iki eplem, dal bolup,
hakykatyň aýdylmaly ýerinde
ýalan sözläp, ýa-da dilli lal bolup,
emma bu hiç gelişmeýär ýazyja,
okaýarsyň kyssasyny, utgasyz,
haýpyň gelýär basyp özün bozuja.