Ýapyk oýun
Öňem biri ýaly, geçen,
öňki ýetim, soňky hudaý,
iki günlük emel ýetip,
ilin talap, goýan gedaý,
akyl ýerne, beýni ýerne,
ýene agyz çykýar orta,
döwen bolup birlerini,
öwen bolup beýlekisin,
ölenden soň, dirikä däl,
ýanyp duran stalinçi,
ýekedi ol göreşýärkä,
içi ünji, daşy ünji...
Kim bolsaň bol, oýun däl bu,
bir, iki däl bolan bendi,
ýalan sözläp öz öýünde,
diýjegin däl, diýmelini
diýýänleriň klubynda,
goşgy ýazyp, ýazyp kyssa,
nije nesil boldy hassa,
bolmadyk dek arasynda,
bilmedik dek näme üçin
içe saldy derdin iller,
ol oglanjyk, bu oglanjyk,
öz aýbyny açýar dilde,
döwen bolup birlerini,
öwen bolup beýlekisin,
düşünmeýän ýaly millet,
gapysyny görmän türmäň,
bilmän dowzah näme ýerde,
oýun goýýar o birleri,
sahna çykyp, açman perde.