Sessiz duşmanlar
Gözsüzleriň gözi bolmak,
ýa lallaryň sözi bolmak,
belki, uly wezipedir,
ýa ykbaldyr, bolup bolsa,
emma sessiz diýen zat ýok,
adam bolsa jany sagat,
sesi bolar ýaly turup,
susdurýan kän bile-göre,
urulmanka özün urup,
ýa gorkuzyp bir-birini,
goran bolup çyndan, aýap,
dymýan näçe köp boldukça,
aňsat bolýar eşitmezlik,
ýa görmezlik aglaýany,
gara diwar gurup içde,
ýüzüne ak keşde gaýap,
ýaşaýan kän bilip sessiz,
düşün dogry olar üýşüp,
gapyl basyp, sesiň kesse.