Pikir etseň

Düşünmeýän ýaly, bilmeýän ýaly,
ýaşaýan ýerini, dogulan ýurdun,
bilet alyp, uçup, eger isleseň,
baryp bolýan ýaly islän mahalyň,
ýa soňundan çykyp gaýdyp, has ösen,
öňe giden adamlardan utanyp,
igenýärler yzda galanlar käte,
ýetirýärler geň-enaýy sözlerin,
gelmeýärsiň, görüneňok toý, ýasda,
diýýär olar, döwlet ruhy hassa
eden ýaly açylmajak bu golaý,
agyr-agyr dermanlary içirip,
pikir etseň, özüň duýýarsyň asgyn,
ýa ýatasyň gelýär çyraň öçürip.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024