Öçen öç
Ýaşdym, ar alasym gelýärdi örän,
töhmet atan, türmä iten, kim bolsun,
diýýärdim elimde ýaragym bolsa,
topum bolsa, bolça uçar ganatym,
goý, ejesi bolsun, meniňki ýaly,
oglum diýip, gözün ýoluna dikjek,
ýüregini tutup, ýogaljak bir gün,
ýa kakasy bolsun, garaşjak uzak,
ogly bilen bile edilen sürgün,
görmejegin bilip ýene bir gezek,
doganlary bolsun, naçar, pukara,
ýegenleri bolsun, okuwsyz galjak,
diýýärdim hemmesi bilýärdi meniň
yzymda galanlar näçe jowranjak...
Gaty gowy ar alasym gelýärdi,
wah, diýýärdim güýjüm asgyn, pulum ýok,
ýet, ur diýip buýurmaga gulum ýok,
emma ol gün, daş gaçan dek ýeňimden,
gara gahar gaçyp, çat açdy ýerde,
ganmy, ýaşmy gelip, kesilmän yzy,
syryldy gözümden gamaşyk perde,
göründi aç-açan ulusyň ýüzi,
yzda galyp, bary bolan perişan,
ýene birin, arym alyp, köpeldip,
boldugymmy boljak dogulan, ýaşan?