Garym adamy
Ogluň bardyr, gyzyň bardyr, göreşme,
aýalyň bar, adamyň bar, ejeň bar,
kakaň bardyr, garran, öljek yzyňda,
türmä düşseň, sürgün bolsaň kösenip,
göreşme sen, hiç bir gowga garyşma,
gyrada dur, çekil, synla, ýykylan,
entänlere diý içiňden ýa daşdan,
diýmedimmi, nämäň artykmyş bizden,
busanlardan, susanlardan akylly,
ynanan bol oňa töhmet atsalar,
öldürseler, ýeke seniň işiň däl,
hemme kişi çeke durýar, nalaýar,
durmuş düýnki gowa ýoran düýşüň däl,
emel ýeten ogurlaýar, talaýar,
çekilere ýer galmaýar yzyňda,
nätjek, şeýle gelýär, şeýle-de gider,
başarsaň azajyk ogurla, gizle,
ýa azajyk ýalan sözle, galarsyň,
gutularsyň juda bagtyň ýatmasa,
ýöne gezek ýetse, uly ýa kiçi,
ýa etmedik jenaýatyň geçilmez,
edil garym söweşi dek ýaşaýyş,
pikir etme, saňa gülle eçilmez,
maňlaýyňdan ýa-da başga ýeriňden,
göreşme sen, ýalbar diňe hudaýa,
gora diýip hökümetiň şerinden.