Sen adamsyň

Sen adamsyň, gahar etmän bilmersiň,
ýöne gowy bogup ýetişseň içde,
çuňlaşdyrman ýalňyşlaryň, ýazygyň,
ýykylmasaň deň bolmadyk göreşde.

Başarmarsyň hoş habara begenmän,
käte biraz irräk bolsa-da gülmek,
käte kazy, garalawçy bolarsyň,
aňsat ýaly başga töhmetden ölmek.

Ýazgararsyň tanamaýan adamyň,
düşen çukurynyň düýbüni görmän,
ýa-da aklawçysy bolarsyň kezzap,
köne tanşyň ylgap girende türmä...

Ýykylany galdyrjaksyň ýerinden,
gelip bilmän, uzak galyp uzakda,
emma bir gün gynanarsyň özüňe,
gynananyň bagtyn görse duzakda.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024