KGB terrory
Dogan-garyndaşyň ýesir elinde,
salamyny kesen ençeme ýyllap,
tussag günüň çagalaryň halyndan
ýeke gezek habar tutup bilmeýän,
çyksaň, azat bolsaň bagtyň getirip,
jaň etmeýän, gözaýdyňa gelmeýän,
eger-de gyssasa KGB, zalym,
gijäniň ýarynda telefon edýär,
gülen bolup ýalan-ýaşryk, şelaýyn,
soran bolup ony-muny, bilýärsiň
kime gerek ol soragyň jogaby,
aýal adam, ýüzün alyp bileňok,
gümmi-sümmi bilen sowýarsyň başdan,
KGB ýüregiň bulaýar daşdan,
dogan-garyndaşyň ýesir, biçäre,
iliň ýesir, goly bagly gul ýaly,
para alýan, ýa almaýan, parhy ýok,
wezipesi, işi bolsa, gorkar has,
bagty gara bolar islese zalym,
türme, töhmet sylamaýar hiç kimi,
adam satyp ýaşamaly, ölmeli,
KGB, sen kimi nireden urjak,
ugry barmy, muny nädip bilmeli?