Göwün küregi
Baş ezijä, basgylaýan milleti,
tegmil bolan ýurduň dagy-düzüne,
näme diýseň diýip bolar birbada,
işden kowsa, çörek beren tapylar,
türmä bassa, belki, çykarsyň aman,
sürgün bolsaň, dolanarsyň ýurduňa,
hudaý bir gün gapylary açanda,
öldürilseň, adyň galar bolmanda,
emma adam azatlygyn goraýan,
ýa-da diýýän bagtly etjek ilimi,
görseň işi ters gelende sözüne,
ýa-da halys degse degnaňa bir gün,
daş dur, asla geljek bolma ýüzüne,
sebäbi agzyndan çyksa hapasy,
üýşenersiň görüp gara ýüregin,
amatyna garaşýandan ägä bol,
aýa özüň, döwme göwün küregiň.