Ýüz ýa-da çüm

Ýüz ýa-da çüm, çykmak üçin güýç toplap,
suw ýüzünde ýa astynda dynjyň al,
akyp gitmän ters akymyň ugruna,
nirelerden çykarjagy belli däl,
tolkunlara, çöp-çalama garşy dur,
gujaklama her ýykylan agajy,
akyp gelýän şahalaryn galgadyp,
biten ýeri bilen hoşlaşyp ajy,
bagra basma her öňýeten töňňäni,
diri ýaly, emma ölen birmahal,
hem deňine düşmejek bol guranyň,
pyntyk ýaryp, güllemejek her säher,
ynanmaýan öz güýjüne, erkine,
goý, gynanan bolmasynlar yzyňdan,
ene-ataň ýüregini agyrdyp,
saklanjak bol biraz aýak üstünde,
gyssanma hiç naçarlaryň bagyrdyp,
bu dünýeden gitjek bolma, galjak bol,
daýanjak bol, ýüregiňe hanjaryn
urjak kändir gum bolmasaň basmaga,
bu ozaldan, öňden gelýän gylykdyr,
agajy ýok ýüp agtarar asmaga,
haýbat atyp hatda oturan görde,
ýüz ýa-da çüm, emma demiň aljak bol,
derdiňi ýeň ilki aňda, jigerde.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024