Dünýäniň gelen ýeri
Mahmut Derwüşiň äheňinde
Biziň doglan ýurdumyzy kim satdy,
kim gapjygyn, kim jübüsin galňatdy,
kim nirede hasap açdy, ýygşyrdy
çuwal doly walýutany, altyny,
näçä satdy nebitimiz, gazymyz,
pagtamyzy, halymyzy, nirede,
dellallar kim, kim esasy alyjy,
bilmeýäris, gözümizi tutdular,
agzymyzy ýumdurdylar geplesek,
ýazsak, gelip äkitdiler, atdylar,
gara türmä, diwarlary buz ýaly,
gyşymyz gyş, tomusymyz tomus däl,
dowzah boldy ýerde, demir gpyly,
bilmeýäris näme bolýar dünýäde,
nirelerde haýsy oýun oýnalýar,
ýöne görüp ýörüs, örtenip ýörüs,
öz öýünde kim utulýar, gynalýar,
haçan, näçe, kim töleýär salgydy,
kim töleýär jany bilen, puly ýok,
ýa şumy bar adalaty dünýäniň,
munda diňe ownuklar bar, uly ýok?