Iň erbedi
Saňa her kim bir zat diýse, asylsa,
göni ýa-da geçip gitseň, yzyňdan,
alamaty bir zatlary bilmezden,
ýa-da bilip, dogry edýän bolmagyň,
galybyna sygmazlygyň başganyň,
ýöre, ýol al, kuwwat barka dyzyňda.
Sen hiç kimiň palçygy däl, laýy däl,
haýat üçin, suwag üçin, sypally,
ýa işiň däl kimler nirede galdy,
ýa saýlady dag ýerine ýapyny,
öz nazarlan menziliň bar uzakda,
ýokarrakda, görünmeýän aşakdan,
belki, Taňry açar ýapyk gapyny,
berer saňa başga ýoly, durmuşy,
adamlary, has asylly, has kämil,
öz-özüni aldamaýan, ýaşaýan,
günün, aýyn öwürmeýän ýaryşa,
sen goşulma goşulmasyz oýuna,
goý, her näçe gorksun süri börüden,
iň erbedin bakan eder goýuna.