Ezijiniň portreti

Düýn ýaýaplan öňýetene,
gol gowşuryp hyzmat eden,
emel ýetip, durşy bilen
azar bolsa, bolsa sütem,
aýdym aýdyp, gyrsa ilin,
aýan bolup iti, aty,
tötänlik däl, çagalykda
döwülendir göwni gaty.

Ýa hassadyr goňşy-golam,
ýa kakasy, içse däli,
kän urandyr ejesini,
ýa ejesi almy-hile,
ýa ýüreksiz dogan-gardaş,
daýy-ýegen, sygmaz ile,
ýa başga zat bardyr agyr,
ýa bolandyr pili uly,
ýa agdarjak ýeri gaty,
göwni galan gaty soňra,
güýji ýetse, eder ýagyr,
aýalyny, adamsyny,
çagasyny, parhy bolmaz,
ili ezýän, tötänlik däl,
ezilendir ozal hökman,
ýa tigiri bolan däldir,
ýa-da ýyrtyk aýakgaby,
ýa az iýen süýji-köke,
gözi doýmaz, açgöz bolar,
tötänlik däl hiç eziji,
tötänlik däl hiç bir zalym,
muny görmek, bilmek üçin
bolmaly däl dürbi, alym.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024