Agressiw köplük
Meniň gowy ýüregime tüýküren,
dogan-gardaş, dosty-ýarym sag bolsun,
sag bolsunlar kärdeşlerim gatnaşan,
gatnaşmadyk kesekiler sag bolsun,
ýogsa bu gün düşünmezdim köp zada,
gynanar ýörerdim öňkülem ýaly,
näme üçin özün har edýär adam,
näme üçin halamaýar gowusyn,
ýa nämüçin iýýär diýip dirini,
indi käte gülkim tutýar özüme,
hem köplüge, kädä gaban pirini.