Başlyk boşlugy
Ýüzükli serdardan başlandy boşluk,
ýok, ozalam bardy, ýöne şondan soň,
emel ýeten iki günlük, kim, näme,
nirelerden nirä dyrmaşdy, galdy,
soňundan nirede atdan ýykyldy,
ýagdaýyna düşünmejek birbada,
alajyň ýok, küýki düzelýär görde,
eli kitap götermedik tekjeden,
hatar tutup duran öýünde, törde,
serhet aşyp gelip aýaly bilen,
özi ýaly, gözi, göwni gyzaran,
ýat ülkede, gündiz eli çaraly,
yzda galan kündükçisin gözleýär,
gol gowşuryp durjak, ursa ýaraly,
birsellem baý bolan, beg bolan ozal,
adam ýaly salam berseň, sylasaň,
bagyşlanan ýaly şanyna gazal,
utanarmyş iýen agyz, beýle däl,
ýüzi galyň düýäň dabany ýaly,
diý ýa diýme, öz-özünden eselýär,
köne tanşy diýdi: şeýleräk bizde,
öň adamdy, emel ýeten peselýär.