Ýalan ýaşaýyş

Karl Ýuňuň äheňinde

Dünýe senden sorar kimdigiň gülüp,
a soň aýdar eger bilmeseň, bilip,
saýlan bolsaň ortalygyn süriniň,
ýagy gelse, urar gyradan gelip,
diýýän bolsaň aýna seredip käte,
baş atsalar, başyň atyp ýalana,
gorar diýip ýalan ýalan dünýäde,
elementar hakykatdan üýşenip,
çeýnelip zyňylan sakgyç mysaly,
ynha geçer, gysga diýip ýaşaýyş,
özüň bolsaň öz ýaşyňa kinaýa,
elli ýaşap, altmyş ýaşap, ynanyp,
ne özüňe, ne-de başga, gümanly,
her gün agşam öçüreňde çyraňy,
begenmeli bolsaň hiç kim ýüzüňe
gelmese ýa tanatmasa özüni,
het etmedi diýseň adamlar, walla,
diýseň dişim gysyp saklandym menem,
dünýe, belki, zaýalamaz sözüni,
emma mazarynda hüňürdär eneň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024