Girdap
Adamlara, aldanan kän,
oýnalan kän aşyk ýaly,
mejbur bolup oýnatmaga,
gülüp içden öz halyna,
hakykaty subut etmek,
düşündirjek bolmak çyny,
näme bolýar ýa bolmaýar,
görnüşi dek aňsat däldir,
aňsat däldir synanyşmak,
şondan köpler düşünse-de,
aňryýany bilen käte,
has bärdäki oýna girer,
aldanan bor, aldan bolar,
hemem irer durmuşyndan,
ýaşaýyşdan, ýaşaýyş däl,
azap, ejir durşy bilen,
bu bir girdap, goýmaz aýap,
top-tüpeňsiz urşy bilen.