Baş wezipe

Gözüňi aç, gulagyň ger,
agzyňy ýum, diňle gowy
adamlaryň diýýän sözün,
diýmeýänin häzirlikçe,
aňyrsynda galan şindi,
seret, synla işlerini,
howlukma-da ýazgarmaga,
ýa ýigrenme ýigreneni,
geregi ýok saňa onuň,
garaş, wagty geler, bolar
açyk, aýdyň bar zat saňa,
uzak bolsa, çekip, dartyp,
saljak bolma galybyňa,
dogan bolsun ýa garyndaş,
eger özi öz üstünde
işlemese azap edip,
etjek zadyň bolmaz oňa,
ýa-da iliň saňa gelip
edip biljek kömegi ýok,
öz üstüňde işlemeseň,
goýma agyr bolsa-da bu,
sabyrly bol, gaty ýadap,
birden boljak bolma geniý,
öz üstüňde işle günde,
bu bar etjek zadyň seniň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024