Surat

Baş mesele

Bu dünýäniň meselesi
mätäçler däl, bolsa-da kän,
okamadyk, dokamadyk,
ýa iýdiren mydam hakyn,
gara işde derin döküp,
iýdirmeli, geýdirmeli,
garry-gurty bolsa ejiz,
ölse, galsa çagalaryn
eklemeli, saklamaly,
mesele däl olar asla,
başga uly mesele bar,
barly, gözi doýmadyklar,
doýmajaklar näçe alsa,
ogurlasa, talasa-da,
saklanmajak diri galsa,
bilýär muny orta gatlak,
ýa-da geçen ondan biraz,
ýa baý bolup, tozan soňra,
bu dünýäniň meselesi
durmajakda ýykyp-ýumrup.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024