Güýç ber, Alla!
KGB-niň başlyklaryn goýaly,
ýatlamaly Gurbanbibi daýzany,
bize kimler akyl satmady, Alla,
ezijiniň türmesinde, daşynda,
sessiz bolsaň, çöregiňi ogurlan,
garawuldan başlap, ýazyja çenli,
şahyrlara çenli ýarym litrlik,
tanyş-biliş, oba, şäher ilaty,
günäsi ýok, müýni-de ýok ýüzünde,
diýýän “biri talamaly, soýmaly,
zorluk” diýse döwletleriň kadasy,
“gutulgusyz zulum, sütem ýaşana,
şonuň üçin süýji jennet wadasy,
jähennem gürrüňi garyplar üçin,
baý üçin däl” diýse sada adamlar,
gaýgy edýän ölse, sowulmaz üçi...
Birleri däl iň ýokarda, aşakda,
güýji ýeten talamaly milleti,
zorlamaly diýse milletiň özi,
kysmatymyz diýse zulum, ezilmek,
ýok diýeni goldamasa hiç haçan,
halamasa, iň ýamany utanyp,
gybat etse, töhmet atsa turana,
durana sütemiň öňünde ölüp,
bize kimler akyl satmady, Alla,
güýç ber çydar ýaly ýokardan gülüp.