Il-ulusyň ýesir bolsa
Il-ulusyň ýesir bolup, gabalyp,
gaçan çukuryndan çykyp bilmese,
dünýä gülki bolsa döwlet ärleri,
gülki etse gözel ilin, ýurduny,
elini, aýagyn daňyp milletiň,
görünmese hiç yşygy petigiň,
aňyrsynda, ortada däl başda däl,
petige direse pikir-oýlaryň,
käte, meger, kelle döwmek gerek däl,
gerek däl özüňi gynamak, asmak,
dar agajyn dikläp, ýykylan ozal,
syrtmak edip salman gaýgyňy boýna,
pikir etmän ýaşamaly birsellem,
gyzyksyz kitap dek tekjede goýman,
dikeltmeli öz-özüňe söýgiňi,
eden işleriňe seredip, bakyp,
galdyrjak bolmaly ýykylan göwnüň,
kynam bolsa, synanyşdym diýmeli,
bes etmeli ýazgarmagy illeri,
bes etmeli öz-özüňi iýmegi,
a soň döwlen galamlaryň üýşürip,
çykarmaly uçlaryny howlukman,
däri-derman tapmak isleseň ile,
sen ilki özüňe bolmaly lukman.