Ýurt haly
Biziň ýüzümize duran adamlar,
bizi ýeňsämizden uran adamlar,
tomaşa edenler, gülenler içi,
enemizi, atamyzy ynjydan,
ruhun ynjydan öten-geçeniň,
diňe bize boljak ýaly ýamanlyk,
nä günlere saldy ýurdy, özüni,
Alla, ýol aç, ýüregi ak, ýüzi ak,
adamlary görkez ýene bir gezek,
bolan işe ýüreginden gynanýan,
ýurt halyna hakykatdan üzülen,
emma golaýlatma, görmek islämok,
ýakyn ýa ýat, iki ýüzliň ýüzüni...