Milli buýsanç

Ozal başgaň döwleti,
eli ganly, gözi gan,
talaýardy ilimiz,
basyp alyp, goýbermän,
tutup gözün, gulagyn,
ýa görkezip başga zat,
daşyn gabap, gorkuzyp,
“beýik” diýip özüne,
Hudaýdy ol, Taňrydy,
“ýok” diýmesiz sözüne.

Indi gowy, özümiz
özümize hojaýyn,
etek bilen ýapýarys
ýagtysyny Gün, Aýyň,
soň meslikden milletiň
ýumurýarys öý, jaýyn,
daňyp elin, aýagyn,
gitmez ýaly hiç ýere,
ýola çyksa aç galjak,
ýetde-gütde azygy,
bilmez ýaly hakyny,
hukugyny alýarys,
bu gün geçse, ertesi
beter güne salýarys,
hem öwýäris özümiz:
gör, biz neneň akylly,
talanan il, diýýäris,
galmaz indi, ýykyldy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024