Ogry we çagalary

Ozal basyp almak dereje bolsa,
edermenlik bolsa çapmak, talamak,
indi öz iliňi aldamak, soýmak,
ogry bolmak boldy uly dereje,
ýöne bu bar betbagtlygyň ýarysy,
özi ýaly bolsa ogryň aýaly,
baran ýerin dili bilen otlaýar,
çagalary suratlaryn görkezip,
jaýlaryny güjeňleýär mekdepde,
ýa ýahtasyn baýdak edip galdyrýar,
soň diýýärler o birleri çürkendi,
içigara, bahyl, göripmişin il,
diýmese-de hiç kim nädip aldyňyz,
ýöne bilen bilýär nämeler bolýar,
dogry, arasynda başarsa, bolsa,
ogry boljak, talaň saljak kän ile,
emma ogry düşünmeýär, bilmeýär,
açyk syra diýýär ýeserlik, hile.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024