Surat

Koloniýa şahyry

Türkmen-sowet, koloniýa şahyry,
ýa bir başga millet bolsun ýerligiň,
ýazjak zadyň, ýazmajagyň bellidi,
käbirleri öldürildi, elbetde,
beýlekisi içip öldi ellide,
ýa-da içmän, uzak ýaşap gömüldi,
emma ýaşan ýaşy näçe aslynda,
hiç birisi bilmeýärdi, gorkuda,
ýagty diýip öwýärdiler tümlügi,
bilýärdiler näme boldy, bolmady,
kimler gitdi hemem gaýdyp gelmedi,
ýa gelenler ýazdy nähili oda,
başgalardan nämä garaşyp bolar,
şahyr üçin ýalan bolanda kada?

Türkmen-sowet, koloniýa şahyry,
ýazyjysy gulçulygyň, ordenli,
at gazanan, baýrak alan, elbetde,
ýazylmaly zady ýazyp wagtynda,
ýazylmasyz zady bilip, akylly,
ederini bilýän çemeçil bolup,
iň esasy – aýyň belli günleri,
ýaşajak bolýardyň gonorar alyp.

Dogry, diýýärdiler halypa, pylan,
diýýärdiler käbirine beýik-de,
atlaryny dakýardylar mekdebe,
sapalak atmaga bolanyň ökde,
ýöne indi okap görüp täzeden,
gynanýarsyň diýilene dik otur,
batgalykda gülüp, dyzyňa çökde...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024