Jyn döwleti

Döwlet biziň enemize kast etdi,
döwlet biziň atamyza kast etdi,
dogan-gardaş, goňşy-golam aglady,
kast etdi ol düzüw bolsa adama,
çagamyzy alyp, gaçan-da bolsak,
ýolumyzda durdy, urdy taýaksyz,
aýagymyz barka, göýä aýaksyz,
barjak ýerimize baryp bilmedik,
görjek toýlarymyz görüp bilmeddik,
ogurlady, awy etdi günümiz,
gijämizi zäherledi, päkize,
ýaşajakdyk şärik bolman ýalana,
gara suwa, gaty nana kaýyldyk,
keçe ýazyp, süýnsek agşam dalana,
gitjek däldik, günümize goýmady,
aşyk ýaly, torba salnan, dökülen,
ykbalymyz oklap, gapyp oýnady,
oýnady ol bütin iliň ykbalyn,
ýogsa laldy, kördi millet, ellerin
gulagyna tutup, gaçypdy çyndan,
kast etdi ol geljegine türkmeniň,
erbet boldy ähli arwahdan, jyndan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024