Uruşsyz uruş
Bu bir uruş, gowga, soňy näbelli,
seniň beýniň, gara başyň üstünde,
ýüregiň üstünde, döwletiň bilen,
goşuny bar, ýaragy bar atmaga,
mediasy, agzy durman çypdyrýan
işgärleri sanardan kän, satmaga
seni ýere degrip, arzan bahadan,
çekinýär ol, agzy-burny uçukly,
galamyňdan, indi ýazjak sözüňden,
yzarlaýar dost-ýaryňy köpeldip,
zat görmese, aýyp gözläp gözünden,
bu bir uruş, bu bir gowga, gutarmaz,
yzyna al aýdan sözüň çyn bolsa,
artyk bolan bolsaň, kem görün ilden,
öňe giden bolsaň, dolan yzyňa,
ötünç sora gowy pikiriň üçin,
ýalňyşdym diý, ant iç, düzelerin diý,
gizle ýagşy niýetiňi, il ýaly,
ýalan sözle: Şükür, asman arassa,
uruş ýok diý şindi, entejik, häli...