Bolmaz diýme
John Lennonyň äheňinde
Seniň, belki, başarmajak işiň ýok,
başyna bar, bolmaz diýene bakma,
gelen kändir, geçen kändir synanman,
ilçilik, öz-özün iýene bakma.
Halas edip bolmaz diýme milleti,
eger özi islemese, durmasa,
öwren ylgap ýetişmegi wagtynda,
eliň berseň, ýüzüň kessir urmasa.
Öwren oýny, aňsatdyr ol bilene,
bolmajak zat bolmaz ýeriň ýüzünde,
adam özün adam eder ynansa,
güman etse, ýere sokar sözünde.
Bilinmedik zady bilmersiň diýme,
gelinmedik ada gelmersiň diýme,
diýme gözüň ýetmez görünmeýäne,
ýok bolarsyň bir gün, ölmersiň diýme,
ýöne heniz demiň daş ýarýan wagty,
diri ölme, ertir gülmersiň diýme.