Jogapkärçilik

Seniň bar-ýoklugyň, çykyp gideniň,
çekileniň, bukulanyň bilmeýän,
aglamaly ýerde ses edip aglap,
gülünmeli ýerde ýüzi gülmeýän,
görmeýäne dymanyňy, dymmanyň,
aňlamajak näme diýseň, diýmeseň,
ýa-da bilmek islemeýän millete
barlygyň-da gerek däldir, özüňi
horlama kän ilim diýip, ýakyn, ýat,
gatnaşanyň, tanyşlaryň, nätanyş,
niýetine görä ýaşar, ýaşamaz,
hassa bolar, derman tapar ýa tapmaz,
öler, ýiter ýurt içinde, daşynda,
türme edip bütin ömrün, açarsyz,
ýapyk gapy edip tutuş ýurduny,
galsa çykman, aýyplama özüňi,
özüň iýme ýalňyşlaryň hasaplap,
bärden gaýdan, öte geçen günleriň,
ýitiren ýyllaryň sanama aýdyp,
diýip dile düşünmejek mahluga,
zaýalama ýeke jümläňi gaýdyp,
kemçiliksiz adam bolmaz, tanasaň,
görseň gowy özüň, seretme yza,
öňe seret, seret basjak ýeriňe,
düzet özüň, düzet sözüň her günde,
düýnkiden bir, iki ädim öňi gör,
iň ozaly özüň, saglygyň üçin
jogapkär sen, jogapkär däl il üçin,
galdyr özüň, ýer gögermez ýagyşsyz,
ýagmyr gerek ertir geljek sil üçin.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024