Galak iliň keseli
Oňaran, oňarmadyk,
bilen, bilmedik gürlär,
dogan-gardaş, ýakyn, ýat,
galak iliň keseli,
agza düşseň, tanalsaň,
agyrtjakdyr, dili bar,
eli bagly bolsa-da,
ýoly bagly bolsa-da,
otursa-da türmede,
gara suwy alada,
ýüreginde dowzahy,
beýnisinde jähennem,
ody ýakýan özüni,
basjak bolar başarsa,
egniň bolar gözünde,
asjak bolar başarsa,
syrtmak salyp sözünde,
çürkenersiň, ýapyşar,
golaýyňa getirseň,
aýlanyp geç çukurdan,
görseň, akyl ýetirseň.