Nälet meselesi

O biriniň, bu biriniň
näletini diňlemäň hiç,
iňirdisin, hüňürdisin,
iňňildisini ýaralanyň,
öz-özüne ýara bolan,
diňlemäň hiç gargyşyny,
bolmasaňyz eziji han,
gylyjyndan syrygýan gan,
sizi tanap, ýa tanaman,
içigara, bahyl, nadan,
näme diýse diýsin daşdan,
kem agtaryp gözden, gaşdan,
beleň alar diňleseňiz,
okasaňyz ýazanlaryn,
diňe tersin, soň bolar giç,
içiňizde galar porsy,
sebäbi siz uçuň göge,
nur ýagdyryň güneş bolup,
hökman bolar gargan, sögen.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024