Baş haýyş
Sen adamyň bilip ýüzüne urma,
sen adamyň bilmän ýüzüne urma,
bir gulaç dil, belki, elden hatarly,
agyrdar ol, bir günlük däl, ömürlik,
ýumruk bolma hiç sebäpsiz düwülen,
ogurlama şatlygyny adamyň,
begenjini, guwanjyny iki gün,
gowy ýaly bolsa seňkiden güni,
aňsat ýaly bolsa seňkiden işi,
ýa ýüz-gözi ýagty bolsa seňkiden,
ýa özünden has razy görünse,
diňe diliň keýpin göreniň bilip,
bilip, bilmän nädip ýylgyrýar adam,
nädip beýnisini saklaýar tämiz,
nädip bilýär gaşyn çytman uzak gün,
dowam edýär işin ertesi gelip,
sen adamy diri öldürjek bolma,
belki, ýaşap bilmän, öleniň bilip.