Göýdügiň umydy
Senden erbet adam ýasamak gerek,
ýasamaly senden ownan adamy,
bolgusyzy, gep tapmaly ýok ýerden,
ýaýratmaly tapan gepiň ýadaman,
şermende ýa bahyl etmeli seni,
ýa başga zat, aýyp gytmy adamda,
uly, kiçi ýalňyşlaryň üýşürip,
diýdirmeli diýilmedik sözleriň,
ýa diýeniň ýoýup, üstüne goşup,
düýpden başga manylary bermeli,
bu näme üçin, kime gerek, elbetde,
saňa eden erbetligin gaýgyrman,
keýpine ýa bir sebäpden görende
özüni ýitirýän adama gerek,
özün erbet duýmaz ýaly, ýa wajyp,
gowy bolup galar ýaly ornunda,
ýöne pahyr, kyndyr onuň durmuşy,
görünmeýän ýerde, boýnun süýndürip,
ýa gark bolan adam ýaly, tolkunda
ellerin galgadyp gygyrar göýdük,
başgadan däl, ýene aldaryn diýip,
umyt eder senden ýetişer öýdüp.