Aeroportdaky gürrüň
“Näçe ýyl ýaşadyň daşary ýurtda?”
“25 ýyl” diýdi soralan aýal.
“Onda indi bärde asla
ýaşasyňam gelýän däldir...”
“Bu meniň ýurdum-a, doglan ýerim-ä!..”
Içindenmi, daşdan iňledi naçar,
ýa bu diňe oňa şeýle duýuldy.
Garşydaky tegeledi gözlerin:
“Indi hemme pasport alyp gaçmagyň,
gaýdyp gelmezligiň edýär pikirin.”
“Men olara düşünýärin, sebäbi
menem şeýdip çykyp gitdim birmahal,
soň yzymda kakam öldi, gelmedim,
ejem öldi, telefonda bagyrdym,
başujynda trubkany tutdular,
ýurt ýapykdy, ony guş dek ütdüler...”
“Indi diýýär ene-atalar gaçyň,
gidiň diýýär, durmaň bu ýerde artyk...”
“Men olara düşünýärin, sebäbi
meňem ejem, kakam şeýle diýipdi.
Ýöne olar maňa düşünmez entek,
ýat iller, aýralyk, ýykylan ýurduň,
uzagyndan edýär däli däl, tentek...”