Häkim bolan boş bolsa
Öňe çykan, häkim bolan boş bolsa,
ýa-da halta bolsa hapadan doly,
diňe özün görkezmeýär çöwürip,
ol iliniň gylyklaryn görkezýär,
bir adamda, bir çuwalda jemlenen,
gedemligin görkezýär ol iliniň,
açgözlügin görkezýär ol iliniň,
hem görkezýär ýalpaklygyn, dyzyňdan
bolmaýan suw umman saýar özüni,
eger häkimiňiz biderek bolsa,
gülen bolman ýaňsa alyp sözüni,
özüňizi ýaňsa alyň, düzediň,
öňe çykan gaty yzda, daş bolsa,
siz ozaly özüňize göz ediň,
piikir ediň nirde azaşdy millet,
kömek etmäň azaşana ýylgyryp,
daşlaşmaga akyl-paýhas, haýadan,
kömek ediň, etmäň onuň edenin,
has aşakda, hatda çykyp, ýat ilde,
ownuk bolmaň, bolmaň bahyl, oýnatgy,
göterilmäň sähel ýelde peşmek dek,
düşüň ýere, agram atyň aýaga,
Alla diýip, hudaý diýip garaşyp,
kelläňizi tutmaň her bir taýaga.