Kyn ýagdaý
Diýýärler bolgusyz adamlar bilen,
hiç ugry ýok, deregi ýok aslynda,
müň öwüsýän, ýüzi galyň, ýalançy,
ogry, kezzap bilen ýaşamak aňsat,
aňsat bolýar nadan bilen ýaşamak,
aýbyn açýan agzyn açan badyna,
sebäbi olary içiňden, daşdan,
haçan, näçe diýseň ýigrenip bolýar,
goýup bolýar özüň ýokarda aňsat,
emma gowy, düzüw adamlar bilen,
ýaşamak kyn, güzap bolýar, sebäbi
utanýarsyň gülseň, ýylgyrsaň ýalan.