Aralyk aýdymy

Bolgusyzy goýsaň adam ornunda,
aralygy saklamsaň, “hä” berseň,
ýolda, yzda duşsa wagtyň ýitirip,
adam ýaly gürrüň etseň sypaýy,
kimem bolsa, bar özüniň kyssasy,
wagtyň bolsa diňlemeli, bilmeli
bir zatlaryň çykar içinden hökman,
emma adam bolýar her dürli, käte
mellekçiniň bilip bolmaz çägini,
töre geçer gapyň açyp-açmankaň,
aýakgabym palçyk, beýleki diýmän,
ýa getirer, silker haly horjunyn,
ýüreginde, kellesinde göteren,
ýat-ýakyndan kinesini ýalan, çyn,
sen, hamala, zibil çelegi ýaly,
gowzap gider, hezil edindim diýip,
sen bolarsyň köwüş süpürlen haly,
diýýärler ýüz otdan yssy, gaty söz
diýip bolmaz, kowup bolmaz geleni,
ýöne adam düşünmese, diýleni,
ýa bilmese aýdylany sedasyz,
aralygy saklamasaň, gürrüňsiz,
bolgusyz däl, özüň bolarsyň asy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024