Durmuş sahypasy
Sahypany agdarmasaň,
bilmersiň sen indi näme,
niçik bolar gün-güzeran,
garaşma hiç ýaradana,
ýaratjaga seni indi,
eger dünýä gelen bolsaň,
abat bolsa el-aýagyň,
akyl-huşuň ýerindekä,
şükür etde tur ýeriňden,
açyk kitap durmuş, käte
agdarmaly sahypasyn,
ýogsa görýäň, näme bolýar,
ýatan halkyň maňlaýy däl,
gara bagty gasyn-gasyn,
kömegi ýok oňa Allaň,
hudaý diýýän kändir, emma
güler olar günde allap,
günde talap tozdurarlar,
galak iller galaklykda
bir-birinden ozdurarlar.