Gorjaw hasraty
Çaga diýdi atam diňmän aglaýar,
gözlerinden durman dökülýär ýaşy,
gyzjagazyň gürrüňine güldüler,
şäherli daýzalar, garrysy, ýaşy...
Aglama-da ata, besdir-dä diýýän,
berdiler-ä deregine täze jaý,
emma meniň başym sypap, zat diýmän,
turup gidýär ýuwaşjadan gezmäge,
hasasyny tyrkyldadyp çalaja,
basgançakdan aşak düşýär seresap,
dördünji gat, aňsadam däl pahyra,
giň dalbarly howlusy ýok indi oň,
baglary ýok gürleşmäge, durmaga,
saýasynda oturmaga dynç alyp,
sygrymyz ýok, gölelije owadan,
her gün irden süýt bişenok ojakda,
täze gaýmak öler jany enemiň,
köne jaýym, sarygarynja iýip,
zaýalansoň gurunypdyk täze jaý,
obada gal, gitme şähere diýip,
ogluma-da salyp ýanyndan birin,
ýaňydy-da diýýär içine girip,
begenenim, ölmän galjak dek diri.
Diňe ol däl, goňşularam aglady,
iň esasy garryjalar, ýaşlar däl,
o çaganyň gürrüňine güldüler,
çünki diňe Gorjaw däldi ýykylan,
ýurt ýykyldy, göwni ýykyldy iliň,
gara güýje çäresi ýok, ýa gülüp,
ýa-da aglap ýeňip bolýar bu derdi,
emma agtyk bilmeýärdi entejik,
näme bolýar, näme boljak millete,
çydaýana ýol, çykalga gözlemän,
çaga atam diňmän aglaýar diýip,
ula, kiçä gürrüň berdi gizlemän.