Ölümiň halamaýan gylygy

Agyrýan ýerleriň, müçügen, urlan,
aýdypdyrlar aýtma diýip duşmana,
ýa dostuňa, amatyna garaşýan,
gözün dikip özünde ýok zatlara,
aýtma ony hatda özüňe käte,
ondan, mundan dürtüp, gelse hasaly,
menem bar-ow diýip, unudan wagtyň,
döşünden it agyrynyň, ejiriň,
gujak açma eger-eger, hiç haçan,
endik etme zeýrenmegi, pidanyň
tahýasyny geýme sowgat berseler,
ret et sen geçen gyşyň sowugyn,
bolşewgiň türmesini ret et,
ýatlama hiç çemçesini, tabagyn,
ýara bolan ýeriň gaşama ýatlap,
gitsin olar, belki, öýkeläp senden,
gowy bolsun pikir-oýuň, bar matlap
sagddyn bolsun ilki bilen özüňde,
ünjüli däl, sagat bolsun sözüň-de,
gözleriňde bolsun nury dünýäniň,
ýyldyzlaryň, gara gijäni böwsen,
sen derdi däl, günde gujaklap ýatsaň,
ölüm gaçar diňe saglygyň öwseň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024