Boş umyt

Umyt mydam gowy däldir,
diýilse-de Käbä elter,
ýa ýok bolar iň soňunda,
hemmeje zat gutaransoň,
gözleriňi ýumanyňda,
garaşma sen gelmejege,
edeniňi bilmejege,
gowakdaky tirä baryp,
gürrüň berme daşarynyň
güneşini, güllerini,
ýa ýellerin taryp edip,
gorkan göze goşa göner,
arasyndan geçjek bolup,
iki daşyň birin saýlan
maňlaýyny ýardyrar kän,
gowy däldir gorky mydam,
seresap bol diýseler-de,
nan däl, gorky iýseler-de,
aman galjak bolup, dowul,
gowy däldir, hatarlydyr,
umyt ýaly aldar, ýykar,
çaň-kirşene ýok ýerinde,
umyt etme mydam diňe,
tur ýeriňden bir gerinde,
ýatma bütin ömrüň pallap,
ürkmek mydam gowy däldir,
gara görmän, özüň aldap.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024