Ýuwaş söz
Suwa garşy duran ýaly,
damak ýyrtyp gygyrmaýan,
emma sözün aýdýan kişä,
ýuwaş diýme, diýme näzik,
ýa gödek däl sözleri kän,
sögünmeýär başgalar dek,
görünjek ýa çekjek bolup
göz-gulagy özüne bek;
suwa garşy durma gowsy,
seret onuň ýol alşyna,
geçişine dagdan, düzden,
gykylykdan çekinme sen,
çekin ýuwaş diýlen sözden.