Sen we okyjy

Sen okyjyň saňa taýýar bolýança,
çoýunýança seniň ýakan oduňa,
gyşda, ýazda, agşam çigrek düşende,
ýa gelýänçe içjek diýip çaýyňy,
edil demlän wagtyň, sagadyn bilip,
garaşmarsyň, başarmarsyň bu işi,
ýa sen onuň deňine çen aşaga,
mysal üçin Kerim agaň deňine,
ýa deňine o beýleki biriniň,
gulçulykda ýaşan, kapasa salnan
bilbil bolan öz wagtynda, ölýänçä,
ýol ugrunda jeset bolup galýçança,
jaýlanýança güýje, ýaraga uýan,
basyp alan ýagyň şahyryn söýen...

Sen okyjyň saňa taýýar bolýança,
ýa bolýança taýýar özi özüne
düşünmäge, ýa bilmäge islegin,
garaşmarsyň, başarmarsyň bu işi,
çünki bu oň, okyjynyň ykbaly,
seniňki däl, onuň ýormaly düýşi.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024