Bu-da geçer!

“Bu-da geçer” diýipdirler,
geçer, emma ýükli geçer,
ýükli geçdi öňem millet,
ýaýnan wagty, oýnan wagty,
aýnan wagty ýok kän onuň,
çagalygy geçip-geçmän,
gujagyndan ejesiniň
düşüp-düşmän ojagyna
odun daşap ulalmaly,
soň ýalançyň mekdebinde
ýalan derse gul bolmaly,
el galdyryp, aýdyp berip,
iki ýüzli taryhçynyň
ýazanlaryn bilýäniňi,
ýat tutanyň görkezmeli,
aga-gara düşünýänçäň,
ýa açýançaň ýuwaş-ýuwaş
gara ýaglyk bilen daňlan
gözleriňi, gorkman bir gün,
gaparyndan ýagty Günüň,
gal garyňa, galdyr başyň,
bu-da geçer, geçip barýar,
talap iliň soňky aşyn.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024